Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella şanly 85 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Italiýanyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belleýär.
Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Italiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.







